TÜRKMEN WEKILIÝETI TOKIO ŞÄHERINDE GEÇIRILEN “MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” IŞEWÜRLER DIALOGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Işewürler Dialogy geçirildi.

Dialogyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýadaky Ilçileri, Merkezi Aziýa döwletleri bilen döredilen Ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Dialogda çykyş edip, iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýn ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada habar berdi we çärä gatnaşan kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.