AŞGABATDA ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORYNYŇ DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI KABUL EDIŞLIK GURALDY

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda onuň Alyhezreti Imperatoryň doglan güni mynasybetli Aşgabatda resmi kabul edişlik gurady.

Naruhito Ýaponiýanyň 126-njy Imperatorydyr. Onuň Alyhezreti 23-nji fewralda 63 ýaşaýar. Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň 2000 ýyldan gowrak taryhy bar.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto öz çykyşynda ýapon tarapynyň ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we dürli ugurlarda özara alyş-çalşy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Kabul edişlik agşamynda myhmanlara ýapon milli tagamlary hödür edildi. Şeýle hem ýapon medeniýetini görkezýän çykyşlar guraldy.