TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY BILEN SYLAGLANYLDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy – Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.