TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny saklamak hem-de olara goldaw bermek işinde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.