TÜRKMENISTANDA WODOROD ENERGIÝASY BOÝUNÇA GEÇIRILEN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNYŇ IŞINE ÝAPON WEKILLERI GATNAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan geçirilen “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri” atly Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Agzalan halakara ylmy-amaly masalahatyň işine Ýaponiýanyň “Itochu Corporation”, “Iwatani Corporation” we “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşyp, olar öz kompaniýalarynyň wodorod ulgamynda alyp barýan işleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdiler.

Ýapon kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda bu ugurda toplan tejribeleri barada maglumat berdiler we Ýaponiýanyň tehnologiki mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Türkmenistanda wodorod energiýasyny ösdürmekde türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny aýtdylar.