TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Taraplar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler. Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.