TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler we bu guramanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrylyşy boýunça milli, sebit we ählumumy maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamalary boýunça meselelere seredildi.

Söhbetdeşler 2022-nji ýylyň 22-25-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagy we şonuň bilen bagly meseleler boýunça goşmaça komissiýasynyň 55-nji sessiýasynyň bilelikde üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Şeýle hem taraplar 2023-nji ýylyň 13-17-nji martynda Wenada geçirilen Neşe serişdeleri boýunça BMG-niň Komissoýasynyň 66-njy sessiýasynyň netijelerini aýratyn üns berdiler.

Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan serhetleri berkitmek we gümrük ulgamy ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy.

Adam söwdasy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmagyň çäklerinde, bu ugurdaky Milli meýilnamanyň wagtnyyň dolandygy bilen baglylykda, 2023-2025-nji ýyllar üçin täze meýilnamanyň işlenip düzülmegi teklip edildi.

Şeýle hem duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary hem-de bilelikdäki çäreleri gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.