NEXI ÝAPON AGENTLIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy Hideýuki Urata bilen Ilçihananyň binasynda duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen agentligiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.