TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ýola goýlan ikitrapalaýyn gatnaşyklaryň ähli sebitlerde sazlaşykly ösüşiň ilerleýändigini belläp, ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, täze ugurlary we ulgamlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirer.

Tatarystan Respublikasy Türkmenistanyň has işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň yzygiderli duşuşyklary we gepleşikleri däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär. Bu bolsa abadançylygyň bähbidine köptaraply özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. Bu kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary hödürläp, hyzmatdaşlyk borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirýärler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş topary üstünlikli işleýär. Bu toparyň esasy wezipesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny seljermekden we ony ösdürmek boýunça degişli çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym-bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Häzirki wagtda Tatarystanyň iri ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 6 müňden gowragy bilim alýar. Olar geljekde asyrlaryň dowamynda dilleriniň, däpleriniň, dininiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy arkaly baglanyşan türkmen we tatar halklarynyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşarlar.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Tatarystanyň hormatly ýaşulularyna ýakynlaşyp gelýän nurana Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy.