Nowruzy sahawatly desterhan ýazyp garşylamak däp bolup, onuň esasy tagamy-da semenidir
Galla nmaýsasýyny üwäp, oňa undyr şeker goşup, mele reňkli hoşboý ysly we goýy tagam bişirmek däbi bol hasylyň nyşany hasaplanylyp, oňa ýagşy umyt bildirilipdir. Nowruz günleri bagtyýar we bol-elin durmuş miýesser etsin diýip her kim hökmany semeni datmaly eken.
Gadymdan galan bu tagamyň döreýşi barada şeýle rowaýat bar. Bir goja agşamdan ekmek üçin bugdaý dänelerini taýýarlan. Gije güýçli ýagyş ýagyp, tohum şineläpdir. Daýhan muňa gynanypdyr, ýöne ony zyňmaga dözmänsoň, onuň şiresinden süýji tagam taýýarlap, adamlara paýlamagy niýet edýär. Gazana şiräni guýup, onuň üstüne undyr şeker goşup, ony gaýnadyp durka... birden uklaýypdyr, gazana atylan zatlaram barha haýallaýan oda buglanyberipdir. Irden turup görse, gazanda hoşboý ysly, goýy, süýji tagam bar eken...
Semeni bişirmek hem däp, hem giden bir sungat. Ony köp wagtlap yzyny üzmän garyp durmaly. Ilki tagam bişirmek üçin alnan bugdaýy ýedi suwda ýuwup, soňam tekiz ýere ýazyp, şineleýänçä on günläp üstüne suw sepeleýärler. Soňra ony sokyda goýalýança üwýärler. Onuň şiresini süzüp, üstüne suw, un, şeker goşup, oda goýmaly.
Semeni ýanyp, ajymtyk kakmaz ýaly ony sekiz sagatlap gaýnatmaly, özem düwür bolmaz hemem gowy garyşar ýaly garyp durmaly. Şondan soň mele reňkli goýy, agza ýakymly süýji tagam emele gelýär. Semeni ir ertirden giç agşama çenli gaýnadylýar, soňam gazana gapak ýapyp ertire çenli goýýarlar.
Semeni diňe niýetiňi ýagşa tutup, köňül rahatlygynda taýýarlanylýan tagamdyr. Ony bişirenlerinde zenanlar töweregine, maşgalasyna ýagşy dileg edýärler, gowy zatlar dileýärler.
Ir bilen tutuş maşgala üýşüp, hormatly-sarpaly zenan gapagy galdyrýar. Semenide keramatly Äşe-Patmanyň aýasynyň yzy bar bolsa, ol dilegleriň kabul bolandygyny aňladýar.... Semeni dadanyňyzda külli ynsana parahatlyk, abadanlyk we agzybirlik dilemegi ýatdan çykarmaweriň.