GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA

2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dar we giňişleýin düzümlerde geçirilen duşuşyklarda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisde Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek çözgüdi kabul edildi. Gurama bilen özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şeýle hem GDA döwletleriniň başlangyçlaryny halkara giňişliginde goldamak tejribesini giňeltmek üçin teklipler öňe sürüldi.

Saglyk mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň arasynda GDA ýurtlarynyň Spartakiadasy hakynda çözgüt, 2024-nji ýylda Samarkant şäheriniň (Özbegistan Respublikasy) Arkalaşygyň Medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hakynda çözgüt, 2024-nji ýylda Daşkent şäheriniň (Özbegistan Respublikasy), 2025-nji ýylda Gabala şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy), 2026-njy ýylda Kapan şäheriniň (Ermenistan Respublikasy) GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edilmegi hakynda çözgüt we 2023-nji ýylda Minsk şäheriniň (Belarus Respublikasy), 2024-nji ýylda Gümri şäheriniň (Ermenistan Respublikasy) Arkalaşygyň Sport paýtagty diýlip yglan edilmegi hakynda çözgüt, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ugry boýunça birnäçe çözgütler kabul edildi.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkekde geçirmek çözgüdi kabul edildi.