TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ AWSTRALIÝANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Awstraliýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Justin Haýhurstyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar duşuşykda halkara guramalarynyň, esasan hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler.