KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Koreýa Respublikasy-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini kesgitleýän iň ýokary derejedäki gepleşikleriň wajyp ähmiýeti bellenildi.  

Taraplar soňky ýyllaryň içinde ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýanynda döredilen hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam edýän dostluk toparlarynyň işine aýratyn ähmiýet berildi.

Söhbetdeşleriň nygtamagyna görä, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary türkmen-koreý gatnaşyklaryna aýratyn itergi berdi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini nygtamak bilen, taraplar döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde umumy tagallalary birleşdirmek babatynda Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň möhüm ornuna ünsi çekdiler. Ylym, bilim, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk pudaklarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary boýunça geljekki mümkinçilikler barada bellenildi.   

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň 2023-nji ýylda Aşgabatda "Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy" 16-njy hyzmatdaşlyk forumyny geçirmäge taýýarlygy barada habar berdi.