TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI UNIDO ITPO-NYŇ TOKIODAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen BMG-niň Senagat ösüş guramasynyň Maýa goýum we tehnologiýa işlerini ösdürmek boýunça edarasynyň (UNIDO ITPO) Ýaponiýadaky merkeziniň ýolbaşçysy F.Adaçiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika we tehnologiýa ulgamynda özara hereketleriň işjeňleşdirilmelidigini aýratyn bellediler.

Merkeziň ýolbaşçysy F.Adaçi BMG-niň Senagat ösüş guramasynyň Maýa goýum we tehnologiýa işlerini ösdürmek boýunça edarasynyň täze Arkadag şäheriniň taslamasyna ýokary baha berýändigi barada belledi.