ÝAPONIÝANYŇ SOKA UNIWERSITETI BILEN TANYŞDYRYŞ MASLAHATY

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen milli diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi Soka uniwersitetinde bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň aýratynlygy bilen (gibrid formatda) tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Maslahata Halkara gatnaşyklary hem-de D.Azady adyndaky TMDDI-niň professor-mugallymlary we ýapon dilini öwrenýän talyplary, Ýaponiýada alyş-çalyş maksatnamasy esasynda bilim alýan we zähmet çekýän raýatlarymyz hem onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň ýapon dilinde taýýarlan «Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy» wideofilmine tomaşa etdiler.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty J.Ş.Gurbangeldiýew 2023-nji ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine gurnalan iş saparynyň netijesi barada çykyş etdi. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň mugallymy, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uçurymy Suraý Seýidowanyň, Soka uniwersitetinde alyş-çalyş maksatnamasy esasynda okaýan D.Azady adyndaky TMDDI-niň ýapon dili hünäriniň talyby Oguldolan Hydyrowanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýulduz Babamuradowanyň çykyşlary diňlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar öz aralarynda sorag-jogap alyşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy strategiýasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň bilim ulgamynda gazanan tejribeleri bilen tanyşmaga we ony ýurdumyzda ornaşdyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýän etdiler.