ÝAPONIÝANYŇ NIPPON GAZNASYNYŇ “READ JAPAN PROJECT” ATLY TASLAMASYNYŇ ESASYNDA TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA KITAPLAR SOWGAT BERILDI

Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň “Read Japan Project” atly taslamasynyň esasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna sowgat berlen kitaplar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda institutyň ýapon dilini öwrenýän 3-nji we 4-nji ýyl talyplary Ýaponiýanyň taryhy, ykdysadyýeti, döwlet gurluşy we diplomatik gatnaşyklary hakynda ýazylan bu kitaplar bilen tanyşdylar. Bu kitaplar Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary, onuň taryhy aýratynlyklary, dünýä ykdysadyýetinde tutýan orny dogrusynda yakyndan öwrenmäge ýardam eder. “Broadcasting politics in Japan. NHK and Television news” atly kitabynda bolsa Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we žurnalistikasy hakynda hem giňden beýan edilýär.