BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI “SPORTYŇ WE OLIMPIÝA IDEALLARYŇ ÜSTI BILEN ADAM HUKUKLARYNA ÝARDAM BERMEK” ATLY REZOLÝUSIÝANY KABUL ETDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Şweýsariýanyň Zenewa şäherinde geçirilen 37-nji mejlisinde, parahatçylygy we adam hukuklary berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny öz içine alýan “Sportyň we Olimpiýa ideallaryň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” atly BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Rezolýusiýasy bir agyzdan kabul edildi.
Hususan-da, bu resminamada giň gerimli sport oýunlarynda, şol sanda 2017- nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, bosgunlar toparlaryň gatnaşmagy bütin dünýäde çylşyrymly ýagdaýa düşen millionlarça adamlary täze garaýyşlara ruhlandyryp biler diýip bellenilýär.
Bu Rezolýusiýnyň kabul edilmegi we Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmeginiň çäginde adam hukuklaryny goramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň tassyknamasydyr.
Hususan-da, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Zenewa şäherinde geçirilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklary berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň gymmatly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Bilelikdäki Beýannamany kabul etmek boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynda onuň amaly taýdan durmuşa geçirmegiň çäklerinde bosgunlar Olimpiýa toparlarynyň gatnaşmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen başlangyjy BMG-niň agza-ýurtlary tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ýokarda görkezilen taze Rezolýusiýada aýratyn beýanyny tapdy.
Bu resminama Türkmenistanyň awtordaş bolmagyna we onuň mazmunyny taýýarlamakda Türkmen tarapynyň goşandyna BMG-nyň agza ýurtlary tarapyndan ýokary baha berildi.