HALKARA SYNÇYLARY: SAÝLAWLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanda saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk şertlerinde hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde üstünlikli, guramaçylykly geçendigini nygtadylar. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, halkara synçylarynyň çagyrylmagy ýurdumyzyň bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejedäki aýanlygyny üpjün etmäge, saýlaw işleriniň açyklygyna gönükdirilen ýörelge hökmünde baha berilýär. Çykyş edenleriň pikirine görä, kabul edilen çözgütler we netijeler milli saýlaw kanunçylygyna, anyk gözegçilige we wekilçilikli toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolan mahaly toplan degişli maglumatlaryna esaslanýar.

Synçylar öz işlerinde bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine, içki işlere gatyşmazlyk ugurlaryna, döwlet kanunçylygynyň berjaý edilişine salgylanyp, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çärelere we saýlawlaryň guralyşyna hem-de geçirilişine baha berdiler. Şunda, milli saýlaw kanunçylygynyň soňky ýyllarda kämilleşdirilendigi bellenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň demokratik saýlawlar babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýändigi hem-de saýlawçylaryň öz isleglerini erkin we açyk beýan edip bilmegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýandygy nygtaldy. Bu gezekki saýlaw işlerine ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň hem-de raýatlar toparynyň dalaşgärleriniň gatnaşandygyna aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, ähli derejedäki saýlaw toparlarynyň işine ýokary baha berildi, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrynda hukuk hem-de maglumat üpjünçiliginiň sowatly alnyp barlandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde saýlaw möwsüminiň demokratik derejesiniň barha ýokarlanýandygy aýratyn nygtaldy.

Wekilçilikli toparlaryň agzalary saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen çäreleriň maglumat üpjünçiliginde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeländigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanda bu gezekki saýlawlaryň medeni kadalaryň berjaý edilmeginde we durnukly ýagdaýda geçendigi nygtaldy.