TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI FUJISAN CHIDAMA FESTA WA 2023 FESTIWALYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokionyň Bütindünýä Parahatçylyk Taslamasyna bagyşlanan "FUJISAN Chidama Festa WA 2023" tüwi ekmek festiwalyna gatnaşdy.

Türkmen diplomaty öz çykyşynda bar bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary barada çykyş edip, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Bu çäre Fuji şäheriniň administrasiýasy tarapyndan gurnaldy we oňa Ýaponiýada akkreditirlenen dürli daşary ýurtlaryndan gelen Ilçiler we diplomatlar gatnaşdy.