SÖWDA-YKDYSADY UGRUNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy H.Urata bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen NEXI agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapy NEXI agentliginiň ýolbaşçylarynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň örän netijeli bolandygy barada belledi.