TOKIO ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Tokio şäheriniň merkezinde ýerleşýän Ýoýogi seýilgähinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäresi geçirildi.

Sport çäresine Ilçihananyň we Tokio şäheriniň Welosiped merkeziniň wekilleri hem-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 3-nji iýuny - Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň ähmiýeti barada bellenildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda dünýä senenamasyna girizilen bu sene parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolan sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň halkara derejede dabaralandyrylmasydyr.

Welosipedli ýöriş Ýoýogi seýilgähinde dowam etdirildi we onuň dowamynda jemi 5 km. ýol geçildi.

Ilçihana tarapyndan geçirilen bu çäre, Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan sport we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen, Ilçihananyň diplomatlarynyň we türkmen talyplarynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat etdi.