TÜRKMEN-MOLDOWA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Waleriu Kiwer (bolýan ýeri Kiýew ş.) bilen duşuşygy geçirildi.

Ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurylyşynyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barýan işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek maksady bilen, taraplar syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek barada ylalaşdylar.

Halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Moldowanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellendi. Bu nukdaýnazardan, Moldowa tarapyna Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän kararlaryny we halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gepleşikleri pugtalandyrmagy teklip etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň yzygiderli ýygnagyny geçirmek dogrusyda pikirler öňe sürüldi.

Ylmy, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.