TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPONIÝANYŇ SANLY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sanly işler ministri Taro Kononyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda sanlylaşdyrma pudagynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar häzirki zaman dünýäsinde sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigini we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we netijeliligini ýokarlandyrmakda, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde onuň möhüm ornuny belläp geçdiler.