TÜRKMENISTAN «EKSPO-2025» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.