TÜRKMENISTAN WE WENGRIÝA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabatda sapar bilen bolýan Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary Lezsak Sandor bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine oňyn goşant goşýandygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary we onuň dowamynda gelinen ylalaşyklar döwletara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýeti nukdaýnazaryndan, W.Hajiýew bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy barada belledi.

Taraplar medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň yzygider ösdürilýändigini tassykladylar.