TÜRKMENISTANYŇ YHG BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Noziri bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri hem-de özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň geljegi barada pikir alyşyldy.

Taraplar söwda, ulag, maýa goýum, energetika, ekologiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler.

Şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda Daşkende geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine hem üns berildi.