“TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY” DIÝLIP YGLAN EDILEN ŞÄHERLERIŇ HÄKIMLERINIŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda "akylly" şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň forumy geçirildi, oňa TÜRKSOY-yň baş sekretary, şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

TÜRKSOY-yň baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstünligiň nyşanydygyny we “asyryň şäheri” diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny belledi. S.Raýew gatnaşyklary hasam çuňlaşdyrmagyň, guramanyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň maksadalaýykdygyny aýtdy.

Çykyş edenler döwür bilen deň gadam urmak üçin hökmany şertler barada aýdyp, ekologiýa, durmuş we ykdysady durnuklylygyň wajypdygyna üns berdiler. Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilmegi şäherde alnyp barylýan işleriň ählisiniň halkara ykrarnama eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Bellenilmegine görä, uly geljegi bolan täsin şäher ekologik nukdaýnazardan ilatyň saglygy we onuň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. “Akylly” şäher konsepsiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygyndaky “Sagdyn şäherler” atly ählumumy hereketiň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. 

Çykyşlarda nygtalşy ýaly, täze şäher daşky gurşaw nukdaýnazaryndan ilatyň saglygy we durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. "Akylly şäher" düşünjesi BSGG-nyň howandarlygyndaky "Sagdyn şäherler" global hereketiniň ýörelgelerine laýyk gelýär.

Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher taslamasy şäher medeniýeti babatda nusgalyk bolup durýandygy barada aýdyldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan şäheriň gurluşyk, binagärlik, bezeg, logistika, tehnologik çözgütlerine, durmuş derejesine ýokary baha berildi.

Duşuşykda çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeniýetini öwrenmäge, onuň maddy, ruhy mirasyny aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge ýardam edýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn ornuny nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Türki dünýäniň medeni paýtagty” derejesiniň indiki ýyl Änew şäherine geçýändigini belläp, türkmen döwleti hem-de onuň baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan halky barada ýakymly sözleri aýdyp, ähli derejelerde, şol sanda, ýokary derejede emele gelen gatnaşyklaryň hakyky dostluk, ynanyşmak häsiýetine eýedigine aýratyn üns berdiler.

Foruma gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geljek ýyl Änewde geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Hususan-da, ylmy maslahatlaryň, ýaşlaryň duşuşyklaryny we mediaforumlary, meşhur estrada, halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, fotosergileri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri boýunça gezelençleri we beýleki köp sanly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Änewde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda däp bolan döredijilik çäresi geçiriler.

Duşuşykda şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi, baý türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

TÜRKSOÝ-nyň diňe bir bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň medeni gatnaşyklarynyň netijeli guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly döwletleri we halklary halkara hyzmatdaşlygyň giňişligine çekýändigini bellemek gerek. “Türki dünýäniň medeni paýtagty” taslamasy halkara giňişlikde türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Medeni gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ bilen türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr.