JICA-NYŇ GEŇEŞÇISI SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN BARDY

Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) geňeşçisi hanym Ýuumi Midzumori syýahatçylyk ugruny ösdürmek maksady bilen ýakynda Türkmenistanda saparda boldy.

Onuň sapary birnäçe wezipelerden ybarat boldy. Hususan-da, Türkmenistanda syýahatçylyk ugurlaryny giňden şöhlelendirmek meselesinde ýapon habarçylaryna goldaw bermek, şeýle hem syýahatçylyk binalaryna we infrastruktura desgalaryna baryp görmek we syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek bolup durýar.