BRAZILIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň oňa diplomatik işini amala aşyrmakda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşyldy. Taraplar döwletara görnüşde hem abraýly halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy energetika, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasynda medeni- ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada, şeýle hem sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljegi boýunça özara pikir alyşdylar.