TÜRKMENISTANDA BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi alyp barýan oňyn syýasaty esasynda dünýäde uly abraýa eýe bolan döwletde Braziliýa wekilçilik etmegiň özi üçin hormatdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de innowasion esasda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebap infrastrukturalary döretmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns çekildi.
Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda, halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara taýýarlyk beýan edildi.
Diplomat söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni dialogy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barboza iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.