TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda çakylygy kabul edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz özüniň geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy. Bu bolsa, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi, syýasy-diplomatik ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlykda parlament diplomatiýasynyň ornunyň pugtalanýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini bellendi. Şunuň bilen bilelikde, öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmegine zerur üns berilýär.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo, öňi bilen, türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin wekiliýetiň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol we Milli Assambleýanyň Başlygy bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine aýratyn itergi berendigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň gyzgyn salamyny we çuňňur hormaty baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi we şu günki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmek hem-de güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçiligi döredýändigini belledi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini belläp, Arkadagymyz ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryna we tekliplerine özara goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, bu formatda birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.

Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Ikinjiden, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Üçünjiden, söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Milli Liderimiz koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp baran ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda ulag we gämi gurluşygy ugrunda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

Dördünjiden, medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda 2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölüminiň, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň açylandygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň, parlament we Hökümet derejelerinde yzygiderli guralýan özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny belledi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo resmi sapar bilen gelmek barada iberilen çakylyk hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady.

Şeýle hem ol ruhy-medeni mirasyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze sahypany açandygyny aýdyp, myhman bu gezekki duşuşyklaryň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Gahryman Arkadagymyzy ählihalk tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi bilen gutlady we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýändigini belläp, myhman öz ýurdunda türkmen halkynyň medeniýetine we diline uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn nygtady.

Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işleri alyp barmaklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda gaz we gazhimiýa pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýillidikleri bellenildi. Şeýle hem koreý işewür düzümleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini aýtdy we myhmany bu ýokary sylag bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana sapary dowam edýär.