TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli parlamentara hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň soňky ýyllarda ýetilen ýokary derejesine oňyn baha berip, iki ýurduň däp bolan hem-de ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze depgin bermäge gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar milli parlamentiň düzümi hem-de işi bilen tanyşdyryldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere durnukly ösüş häsiýetini berýän birnäçe kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda, parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, koreý parlamentarileriniň Türkmenistana saparynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň bu hyzmatdaşlyga oňyn häsiýet berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.