ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy.
Mejlisiň gün tertibiniň çäginde 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna taýýarlyk işleriniň gidişine seredildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň biri ol hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna, torlaryna we ýöriteleşdirilen edaralaryna goşulmagydyr. Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, mejlisde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar bileleşigine goşulmagy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşulmagy barada pikir alyşyldy. Mälim bolşy ýaly, bu edaranyň işi maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, edebiýat we jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlary öz içine alýar.
ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen bu institutyň arasynda hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.