TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň çäginde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljekki döwür üçin öňde duran anyk meseleler kesgitlenildi.

Çärä gatnaşyjylar raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Şu nukdaý nazardan, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň, Halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan beýleki maksatnamalardyr taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn düzüm birlikleriniň çäklerinde, hususan-da, Köpugurly döwürleýin syn boýunça dialoglara taýýarlygyň meselelerine seredildi.