GÜNÜŇ DOGÝAN ÝURDUNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINE AMALA AŞYRAN SAPARY
Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýär. Türkmen we ýapon gatnaşyklary barada gürrüň edilende bu iki halkyň medeniýetiniň hem-de milli mirasyna, däp-dessurlaryna sarpa goýmaga bolan hyjuwly häsiýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň meňzeşdigini belläp geçmek zerurdyr. Bu halkyň medeniýeti we dili üýtgeşikliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Muňa mysal hökmünde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň ýolbaşçylygynda wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutda geçirilen duşuşygy mysal getirmek bolar.
Duşuşygyň başynda institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew türkmen ýapon gatnaşyklary, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasy esasynda döredilen Halkara gatnaşyklary instituty, onuň düzümi, okadylýan ugurlaryň aýratynlyklary hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ýaponiýanyň resmi wekilleriniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyrýan sapary türkmen-ýapon ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berjekdigini belledi.
2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde aýaly Hanym Akiýe Abeniň TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşmagy hakynda bellenilip geçildi.
Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata, Tsukuba uniwersitetiniň prezidentiniň global işler boýunça orunbasary Jun Ikeda, şeýle hem Ýuji Mori, “Ýapon gaznasynyň (Nipon Foundation)” ýerine ýetiriji direktory öz çykyşlarynda uzak geljegi yzarlaýan maksatlary durmuşa geçirmekde ýerine ýetirmeli işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy barada gürrüň berdiler.
Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Ýaponiýa saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygyk agentliginiň (JICA), birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryň netijeleri esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has hem mäkämleşýändigi bellärliklidir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Institutyň okuw maksatnamalarynda Ýaponiýanyň medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri içgin okadylýar. Ýapon diliniň aýratynlyklary Dünýä dilleri kafedrasynyň geçirýän “dil hepdeliklerinde” içgin açylyp görkezilýär. Bu geçirilýän işler institutyň talyplarynda ýapon diline bolan gyzyklanmany has-da ýokarlandyrýar.
Hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen birnäçe tekliplere garalyp geçildi. Duşuşygyň ahyrynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň geçirilýän türkmeniň Ak öýüne baryp gördüler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bolan, I we II möwsümiň ýeňijileri bilen duşuşdylar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda bu taslamanyň ornunyň uludygy hem-de olarda galdyran täsirleri barada gürrüň berdiler.