AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine bäş hazarýaka döwletiň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilýetleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hazar boýunça güntertibiniň esasy meselelerini, hususan-da ylalaşygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk barada pikir alyşmalar boldy.
Taraplar Iş toparynyň indiki mejlisini Azerbaýjanda geçirmek barada ylalaşdylar.
Çäräniň netijeleri boýunça Beýanat kabul edildi.