TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň “The Nippon Foundation” atly fondunyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylym we bilim ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi.

Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary muňa mysal bolup durýar.

Ýaponiýanyň “The Nippon Foundation” atly fondunyň guramagynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyş bilim maksatnamalarynyň çäginde özara gatnaşyklary hasam giňeltmegiň geljegi nygtaldy.