TOKIODA «2025-NJI ÝYL – HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» MYNASYBETLI ÇAGALAR SURAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

photo

2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalar surat bäşleşigi geçirildi. Bu çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň çagalary we ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary hakynda tanyşdyryş çykyşlar görkezildi.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mowzuk esasynda suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirildi hem-de ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp Türkmen milli tagamlary hödür edildi.