Tokioda Gahryman Arkadagyň ýapon diline terjime edilen türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan eserleri abraýly halkara baýragyna mynasyp boldy
2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Tokioda daşary ýurt Ilçihanalarynyň wekilleri üçin ýapon dilinde 29-njy suhangöýlük bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki abraýly halkara guramalaryň goldawy bilen guraldy.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow ýapon dilinde çykyş edip, iki halkyň arasyndaky medeni ýakynlaşmany çaý däpleri arkaly belläp geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan eserlerinde beýan edilen pikirlere aýratyn üns berildi. Ilçi türkmen medeniýetinde çaý içmegiň, ýapon medeniýetinde çaý dabarasynyň çuňňur hormaty, myhmansöýerligi we özara düşünişmek islegini aňladýandygyny nygtady. Bu çemeleşme Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklaryny birleşdirýän umumy ruhy we ahlak gymmatlyklaryny görkezdi.
Düşünjeliligi, ak ýürekliligi we ýapon dilindäki ýokary ussatlygy üçin emin agzalary Türkmenistanyň, Sudanyň we Latwiýanyň ýeňiji wekilleriniň çykyşlaryna ýokary baha berdi.
Bu baýrak Türkmenistanyň medeni dialogyň we jemgyýetçilik diplomatiýasynyň ösüşine goşan goşandynyň möhüm ykrar edilmegini aňladýar. Ýapon tapaty bu üstünligiň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek we iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümet Baştutanynyň alyp barýan syýasatyna doly laýyk gelýändigini belledi.