«TÜRKMENARAGATNAŞYK» WE TOR ÇÖZGÜTLERINIŇ ÖŇDEBARYJY ÝAPON ÜPJÜNÇISI HYZMATDAŞLYGA GÖNÜKDIRILENDIR
Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly organ bolup, Ýaponiýanyň NEC (Nippon Electric Corporation) bolsa, dünýädäki elektron, kompýuter tehnikalaryny we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän iň uly kompaniýalaryň biridir.
Kompaniýa ykjam we durnukly torlar, giň zolakly we korporatiw ulgamlar, IT we internet-çözgütleri üçin netijeleri üstünlikli işläp düzýär. NEC-iň köp ýurtda wekilhanalary, zawodlary we gözleg merkezleri bar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi şu ýylyň iýul aýynyň başynda «Arkadag şäheri - akylly we ýaşyl tehnologiýalaryň şäheri» atly halkara konferensiýanyň çäginde NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti и Delta Telecom Ltd bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşdy. Taraplar telekommunikasiýa, sanlaşdyrmak we aragatnaşyk, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek, kiberhowpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.