ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINDE TÜRKMEN DILI OKADYLYP BAŞLANYLDY

2023-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde Türkmen dilini öwredýän sapaklary öz işine başlady.

Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Agzalan sapaklaryň işi we türkmen diliniň okadylyşy bilen tanyşmak üçin 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde geçirilen “Türkmen dili” okuw sapagyna gatnaşdy.

Okuw sapagynyň dowamynda ýapon talyplary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy baradaky täze goşgusyny türkmen dilinde okap berdiler.

Häzirki wagtda bu sapaklarda 50-den gowrak Ýapon we daşary ýurtly talyplar türkmen dilini öwrenýärler.