ÝAPON TALYPLARY TÜRKMEN DILINI ÖWRENMÄGE GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
2023-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dilini öwrenýän ýapon talyplary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenýän türkmen talyplarynyň arasynda göni wideo aragatnaşyk arkaly bilelikdäki okuw sapagy geçirildi.
Bu işleriň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Munuň özi giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde Türkmen dilini öwredýän sapaklary okadylyp başlandy.