TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.
Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.
26-njy oktýabrda ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine (Anytkabir) bardy hem-de bu ýerde gül goýmak çäresine gatnaşdy.
Soňra Türkmen döwletiniň Baştutany «Türkmenistan» seýilgähine bardy we onuň çäklerinde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül dessesi goýuldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna — «Aksaraý» köşgünde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
Resmi dabaradan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler şeýle hem iki ýurduň resmi wekilleriniň gatnaşmagyndaky giňeldilen görnüşdäki gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Baştutanynyň saparynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady.
Türk Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi ugrundaky uly tagallalary üçin türk liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklarymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny hasaba almak bilen, yzygiderli, ulgamlaýyn esasda berkidilýär.
Şeýle hem dünýä arenasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamak bilen, Türkmenistan bilen Türkiýäniň sebit we halkara meselelerde köp babatda birmeňzeş ýa-da biri-birine ýakyn garaýyşlary beýan edýärler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar diýip, gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.
Medeni-ynsanperwer ugurda netijeli özara hereketleriň bardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň bilelikdäki medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we asylly däp-dessurlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Türkmenistan bu gatnaşyklary, ylaýta-da, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda mundan beýläk-de ösdürmegi we täze derejä çykarmagy ugur edinýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek hem-de onuň geljekde okgunly ösdürilmegi babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyna ýene-de bir gezek ynam bildirdi.
Özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmany tassykladylar.
Taraplar şeýle-de gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.
Giňeldilen düzmdäki duşuşygyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerde okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, onuň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem uly goşandy bardyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki düzümlerde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.
Şu nukdaýnazardan Türkmen döwletiniň Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn ornuny nygtamak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşiginiň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, birinjiden, dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda olara ýol bermezlik üçin öňüni alyş çäresini ulanmak; ikinjiden, Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak; üçünjiden, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek möhüm bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, bu babatda iki ýurduň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi hem-de söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tilsimatlar, önümçilik kooperasiýasy, telekeçilik gatnaşyklary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda türkmen tarapy öňümizdäki döwürde gatnaşyklary giňeltmäge we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr.
Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ünsi çekip, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Türkiýä iberilmegi ugrunda bilelikde işlemek meselesine seretmek teklip edildi.
Ulag we logistika pudagy bilelikdäki işlerimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag ýollarynyň we geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Biziň pikirimizçe, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar, şeýle hem Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleri giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň infrastruktura mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak mümkindir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy, daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.