AŞGABATDA “MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN ÇÄRELER
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi.
Işewürlik maslahatynyň birinji sessiýasy, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda ýaşlaryň telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldanylmagynyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlaryndaky tejribeler we gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler.
“Start up” telekeçiligini we “Start up” önümçiligini ösdürmäge bagyşlanan işewürlik forumyň ikinji sessiýasyna gatnaşyjylar innowasiýa kärhanalaryny goldamaklyga gönükdirilen wençur gaznalarynyň işiniň ýola goýulmagynyň esasy meseleleriniň üstünde durup geçdiler.
Şeýle hem, gaýtadan dikeldilýän energetika, sanly ykdysadyýet, biotehnologiýa, robot tehnikasy, akylly şäherler ýaly “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgelerine esaslanýan innowasiýalary ornaşdyrmagyň strategik ugurlaryny ösdürmek boýunça ýaş telekeçileriň arasynda giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Işewürlik forumynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.
Şeýle-de, forumyň çäklerinde dürli meselelere bagyşlanan tematiki sessiýalaryň altysy gurnaldy.
“Ulag we logistika” atly birinji sessiýa “Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ulag-logistika insfrastrukturasynyň arabaglanyşygy: çemeleşmeler we mümkinçilikler” temasyna bagyşlandy.
“Saglygy goraýyş we lukmançylyk” atly ikinji sessiýada Merkezi Aziýada saglygy dikeltmek boýunça lukmançylygyň we saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.
“Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak” atly üçünji sessiýa “Howanyň üýtgemegi, suw, azyk we energiýa meseleleriniň arabaglanyşygy: howanyň üýtgemegine uýgunlaşma, suw serişdeleriniň dolandyrylyşy we klimatiki netijelige eýe bolan oba hojalygy” temasyna bagyşlandy.
“Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary” atly dördünji sessiýada elektron hökümetiň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hem-de raýatlar bilen arabaglanyşygyň berkidilmegine gönükdirilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň, hususan-da, elektron ulgamlarynyň ähmiýetli meselelerine bagyşlanan pikir-alyşmalar gurnaldy.
“Ylym we bilim” atly bäşinji sessiýada ylym-bilim pudagynda innowasiýa işiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan ýola goýulmagynyň ähmiýeti bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.
“Syýahatçylyk” atly altynjy sessiýada “Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi” şygary bilen durnukly syýahatçylygy ösdürmek boýunça meselelere üns çekildi.