Ýapon lukmanlary endoskopik hirurgiýa boýunça tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar
Fukuokadaky Kýuşu milli uniwersitet hassahanasynyň lukmanlary häzirki günlerde Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamanyň çäklerinde ýapon lukmanlary öz tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşýarlar.
Ýapon myhmanlary Aşgabat şäherinde ýerleşýän lukmançylyk merkezlerine baryp görmegiň dowamynda, bu merkezleriň enjamlaryna ýokary baha berdiler. Saparyň dowamynda ýapon lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen birlikde hassalary bejermäge hem gatnaşdylar. Aşgazan-içege ulgamynda döwrebap endoskopik hirurgiki aralaşmalar boýunça tejribe alyşmak ýerli lukmanlar üçin uly ähmiýete eýe boldy.
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistandan we Ýaponiýadan professorlaryň, lukmanlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy we amaly maslahat geçirildi.
Çäräniň dowamynda häzirki zaman hirurgiki bejeriş usuly bolan endoskopik hirurgiýanyň üstünliklerini we aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns gönükdirildi.
Kýuşu milli uniwersitetiniň hassahanasynyň professory we endoskopiýa boýunça hünärmeni Tomohiko Mariama şeýle beýan edýär:
«Biz ýerli lukmanlar bilen bilelikde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde endoskopik operasiýalary geçirdik. Lukmançylyk tejribesine täze diagnostika we bejeriş usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna ornaşdyrylmagy bu ugurda ýokary netijelilige we hile ýetmäge goşant goşýar. Iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyk bar. Lukmançylyk ulgamynda bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşmaga örän begenýäris.»