TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ HÄZIRKI MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi
Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi.
Diplomatlar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we pugtalandyrylmagyny bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler.