NIPPON GAZNASY TÜRKMENISTANYŇ TEHNOLOGIKI UNIWERSITETINE ÝAPONIÝA BARADAKY KITAPLARY SOWGAT ETDI

8-nji noýabrda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ýaponiýanyň “Read Japan Project” taslamasynyň çäginde Nippon gaznasy tarapyndan kitaplary gowşuryş dabarasy geçirildi. Uniwersitetiň kitaphanasynyň ýapon medeniýeti, taryhy, sungaty we häzirki zaman jemgyýeti barada 75 kitap bilen üsti ýetirildi.