TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugyrlarynyň biridir. Bu Gurama döredilen pursatyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, YHG gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň gününde Aşgabatda guralandygyny bellemek gerek. Onuň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.