TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY SAKURA MAKSATNAMASYNA GATNAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy.

Bu maksatnamanyň işine gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde geçirilýän ýaşlar çäreleriniň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.

Ýaşlar syýasaty bilen bagly geçirilen halkara maksatnamasy -ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda özara tejribe alyşmaklary ugrunda örän ähmiýetli boldy.