ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY SÖWDA GURAMASY (JETRO) BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti jenap Nobutaka Maekawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy barada pikir alyşdylar.

Ýapon tarapy kiçi we orta kärhanalaryň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly öz taraplaryndan zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny habar berdi.